Tagtabazar pagta egirme fabrigi
Tagtabazar pagta egirme fabrigi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine degişli bolup, 1993-nji ýylyň sentýabr aýynda gurluşygy başlanyp, 1997-nji ýylda işe girizildi. Tagtabazar pagta egirme fabrigi Tagtabazar etrabynyň ,,Erden“ geňeşliginiň ,,Erden“ obasynyň çäginde ýerleşýär.
Tagtabazar pagta egirme fabriginiň işiniň esasy görnüşi pagta süýüminden Nm 20/1,27/1, 34/1 ölçeglerde nah ýüplük öndürmek.
Tagtabazar pagta egirme fabriginiň önümçilik kuwwatlylygy Nm 44/1 DK göra, bir ýylda 4 500 tonna nah ýüpligini öndürmeklige niýetlenen. Pagta süýümi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň tabşyryknamasy esasynda onuň garamagyndaky pagta arassalaýjy kärhanalaryndan alynýar.
Öndürilen taýýar önümler Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň tabşyryknamasy esasynda ministrlige degişli kärhanalara goýberilýär. Türkmenistanyň Haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda Şertnama baglaşyp, daşary ýurt firmalaryna taýýar önümler satylýar. Önümler, esasan-da, Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine, Pakistana, Hindistana, Hytaýa ugradylýar.
Tagtabazar pagta egirme fabrigi esasy 9 bölümden ybarat:
1. Pamygy tüýdüji we saýyjy bölümi (Harman-hallaç) -1 sany
2. Daraýjy bölüm (Darak) - 20 sany
3. I etap lentalaýjy bölüm (I-passaž Jer) - 4 sany
4. Watka taýýarlaýjy bölüm (Watka) - 3 sany
5. Gaýtadan daraýjy bölüm (Penýe) - 18 sany
6. II etap lentalaýjy bölüm (II passaž Jer) - 4 sany
7. Egriji bölüm (Fitil) - 7 sany
8. Egriji bölüm (Ring) - 22 sany
9. Ýumaklaýjy bölüm (Bobin) könе -5 sany, täze -5 sany.
Häzirki wagytda 407 sany adam zähmet çekÿär.