tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi

Arkadag şäheriniň ösen tehnologiýalary

 

img-fluid

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi Arkadag «akylly» şäheriniň sanly ekoulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine bagyşlanan ylmy we amaly maslahat geçirdi.

Maslahata Tehnologiýalar merkeziniň alymlaryndan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Arkadag şäher komitetiniň başlygy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar şäheriň sanlylaşdyrylmagynyň dürli taraplaryny, şol sanda şäher infrastrukturasyny dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş, ulag, raýatlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak we daşky gurşawyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin energetika ugurlarda täze tehnologiýalary ulanmak ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän täze şäher, durmuşda sanly, maglumat we aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalary birleşdirilen «akylly» şäheriň nusgasydyr.

Şäherde eýýäm durmuşa geçirilen taslamalaryň biri raýatlara howanyň ýagdaýy barada maglumatlary öz wagtynda almaga mümkinçilik berýän howanyň hiline gözegçilik ulgamydyr.

Bu ulgam Arkadag «akyly» şäheriniň taslamasynyň bir bölegi hökmünde işlenip düzüldi we howanyň hapalanmagynyň derejesini ölçäp we ýüze çykan maglumatlary merkezi serwere geçirip bilýän şäheriň hemme ýerinde oturdylan enjamlary öz içine alýar.

Maslahatda wideo gözegçilik ulgamlaryny we adatdan daşary ýagdaýy duýduryş ulgamlaryny ulanmak ýaly şäher howpsuzlygy meselelerine-de garaldy.

Duşuşykda Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulmagy, şeýle hem degişli şahadatnamanyň görkezilmegi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.