tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi

Aşgabat şäherinde 23-28-nji noýabry aralygynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler

 

img-fluid

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, şeýle hem ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da belende götermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara kuraş assosiasiýasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 23 — 28-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge ygtyýar berildi.

Şeýle hem Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine Halkara kuraş assosiasiýasy bilen ylalaşyp, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek hakyndaky Düzgünnamany işläp taýýarlamak we tassyklamak tabşyryldy.