tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi

Tagtabazaryň dokma fabrigi önümleriniň eksportyny artdyrmagy nazarlaýar

 

img-fluid

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky pagta-egirme fabriginde geçen 2019-njy ýyl meýilnamasy boýunça 4097,6 tonna bolup, 4254 tonna nah ýüplükler öndürilip, meýilnama 103.8 göterim amal edildi.

Fabrigiň önümleri esasan-da Türkiýä we Russiýa ugradylýar. Şu ýylyň dowamynda eksport edilýän ýurtlaryň sanyny artdyrmak üçin işler alnyp barylýar.

1997-nji ýylda açylan fabrikde dokuz bölüm bolup, desga jemi 5.25 gektar meýdany eýeleýär.

Dokmaçylyk desgasy döwrebap tehnologiýalar bilen doly enjamlaşdyrylan. Häzirki wagtda bu ýerde 395 hünärmen zähmet çekýär.