tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi

Hormatly Prezindetimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy

 

img-fluid

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmak, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşany bilen öndürilýän önümleriň möçberini we görnüşini has-da artdyrmak boýunça degişli işleri geçirmek möhümdir. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmakda mahabat işlerini yzygiderli guramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.