tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi

Internet-dükan ýa-da mekdep bazary: çagany mekdebe taýýarlamak haýsynda aňsat?

 

img-fluid

Tiz wagtdan täze okuw ýyly başlanýar, şol sebäpden ata-eneleriň köpüsinde bir sowal ýüze çykýar: çagany mekdebe nädip has gowy taýýarlamaly we zerur zatlaryň hemmesini nireden almaly?

Türkmenistanda açylan mekdep bazarlary, ýazuw we okuw esbaplarynyň köp görnüşini hödürleýär. Satyjydan-satyja aýlanyp ýörmäge wagtyňyz bolmasa, onda internet dükanlar onlaýn söwda etmek üçin, ajaýyp mümkinçilik bolup biler.

Internet-dükanlarda söwda etmegiň esasy artykmaçlyklaryndan biri-de, ony islän wagtyňyz öýden çykman, amala aşyrmak mümkinçiligidir.

Okuw ýylynyň bosagasynda «Galam», «Globus», «Okuwçy», «Kitap market» we beýleki ýazuw esbaplary dükanlary dürli mekdep esbaplaryny: depder, ruçka, galam, flomaster, kitap daşlyklaryny, surat depderini, şol sanda okuw üçin torbalary we dürli esbaplary hödürleýär.

«Mekdep bazary» atly ýörite bölümler ähli zerur ýazuw esbaplaryny arzan bahadan satyn almagy teklip edýärler.

Mekdep lybasy barada aýdylanda bolsa, ony «Dokma» onlaýn dükanyndan alyp bilersiňiz. Onlaýn ýerlikde diňe bir nusgawy birmeňzeş modeller, ýagny oglan we gyz köýnekleri, penjekler we keltekçeler däl, eýsem, mekdep geýimlerini tikinmek üçin matalar hem hödürlenýär.

Mundan başga-da, «Dokma» çaga geýimleri, sport lybaslary, aýakgap we başga-da köp bölümi öz içine alýar. Amatly agtaryş we önümiň jikme-jik beýany saýlama işini aňrybaş sadalaşdyrmaga we çaltlaşdyrmaga kömek eder.

Internet dükanlarda söwda birnäçe gezek düwmä basmak bilen amala aşyrylýar. Gerek harydy saýlap, «Sebediňize» goşmak we sargydyňyzy resmileşdirmek ýeterlikdir. Eltip bermek sanlyja günde amala aşyrylýar.

Elbetde, mekdebe taýýarlanmagyň her usulynyň özüne ýetik artykmaçlyklary bar. Internet-dükanlar söwdany amatly etmek bilen, wagty tygşytlaýar, mekdep bazarlary bolsa özboluşly tejribe we şahsy aragatnaşyk hödürleýär.

Açylyşy taýýarlanylýan «Kids Exspo: Çagalar üçin hemme zat» atly halkara uniwersal sergi-bazary talyplar, mekdep okuwçylary we olaryň ene-atalary üçin iň baý gözden geçiriş ýerligi bolar. Bu çäre 19-23-nji awgust aralygynda Aşgabatda, Garagum myhmanhanasynda geçer.