Daşoguzda durmuş düzümleri işjeň ösdürilýär
Daşoguz şäherinde «Dokma önümleri söwda merkezi» atly söwda merkeziniň zallarynda ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleri giňden görkezilýär.
Binany abatlamak we gaýtadan enjamlaşdyrmak işleri geçirilenden soň, şu ýylyň güýzünde açylan Gurbansoltan eje köçesiniň ugrundaky bu söwda merkezi Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary tarapyndan öndürilýän önümleri ýerlemäge ýöriteleşdirilendir. Bu ýerde alyjylara hödürlenilýän harytlaryň görnüşleri örän köp bolup, çaga egin-eşiklerini, ...